- ezelenmek
- işlik1) Ýürekden syzdyryp aýtmak, haýyş etmek, ýalbarmak.∙ Bikäniň şeýdip ezelenip durmagy Tagandurdyny turmaga mejbur etdi. (N. Pomma, Egri Eýikmez)∙ Saçyndan ak görnen tanyş bir adam ezelenip, ýalbaryp duransoň Gurbanyň razylaşmakdan başga alajy bolmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Janyň-teniň bilen hereket etmek, bir zady etjek bolup çalyşmak, urunmak.∙ Janypkeş diýilse, Dursun bir mylaýym, ezelenip duran adam görjek. (H. Ysmaýylow, Mugallymyň Gyzy)∙ Gaýgy-gamyň gujagynda her zaman Ot içinde ezelenýär Şirin jan. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.